Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýylyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýylyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Ysraýylyň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ysraýylyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugat habar berdi.

Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine wagt tapyp kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Ysraýylyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Ismail Haldini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-nyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda iki döwletiň bähbitlerini hem-de açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, esasy ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň meseleler boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady ulgam netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlaşmalarydyr duşuşyklary geçirmegiň wajypdygyny belledi. Oba hojalyk ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda Türkmenistanyň Ysraýylyň oba hojalygynda gazanan tejribeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, suw serişdelerini tygşytly ulanmak we süýjetmek boýunça täze tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat Türkmenistanyň Prezidentine hoşniýetli sözler üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynandyrdy.

2022