“Starbucks” ýene-de dünýäde iň gymmat restoran brendi boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Starbucks” ýene-de dünýäde iň gymmat restoran brendi boldy
Starbucks” brendiniň gymmaty 2022-nji ýylda başlanan gaýtadan dikeldiş strategiýasy sebäpli pandemiýadan öňki derejesinden 30 göterim ýokarlandy.

“Starbucks” ýedinji ýyl yzygiderli jemgyýetçilik iýmiti hyzmaty boýunça dünýäniň iň gymmat restoran brendi boldy. Bu barada “Brand Finance” halkara maslahat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmeler dünýä derejesinde ýatyrylandan soň, 2022-nji ýylyň dowamynda kompaniýanyň önümlerine isleg artdy. 2022-nji ýylda bu brendiň bahasy 17 göterim ýokarlanyp, 53,4 milliard ABŞ dollaryna ýetdi we ol tiz tagam hyzmatlaryny hödürleýän “McDonald's” bilen arasyny ep­-esli açdy.

Şeýle hem “Starbucks” brendiniň gymmaty 2022-nji ýylda başlanan gaýtadan dikeldiş strategiýasy sebäpli pandemiýadan öňki derejesinden 30 göterim ýokarlandy.

Bu strategiýa 2023-nji ýylda ABŞ-nyň çäginde bar bolan “Starbucks” kafelerine 450 million ABŞ dollary maýa goýumyny , şeýle hem 2024-2025-nji ýyllarda goşmaça maýa goýumlary goýmagy maksat edinýär.

2023-nji ýylda iň gymmat bäş sany restoran brendiniň sanawyna “McDonald's”, KFC, “Domino's” we “Subway” hem girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022