Kämillik ýaşyna ýetmedik şahs bilen zähmet şertnamasy nähili ýagdaýda baglaşylýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kämillik ýaşyna ýetmedik şahs bilen zähmet şertnamasy nähili ýagdaýda baglaşylýar?
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 60-njy maddasyna laýyklykda, iş sagady ýaşy on altydan on sekize çenli işgärler üçin hepdede 36 sagatdan köp bolmaly däl.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 23-nji maddasyna laýyklykda:

  • Zähmet şertnamasy on sekiz ýaşyna ýeten şahs bilen baglaşylýar.
  • On sekiz ýaşyna ýetmedik şahs bilen zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna diňe onuň özüniň razylygy we onuň ata-enesiniň biriniň (hossarynyň) razylygy hem-de hossarlyk we howandarlyk edarasynyň rugsady bilen, şol sanda, kinematografiýa edaralarynda, teatrlarda, teatral we konsert guramalarynda, sirklerde eserleriň döredilmegine we (ýa-da) ýerine ýetirilmegine gatnaşmaga, eger onuň zähmet işleri mekdepdäki okuwyny dowam etmäge päsgelçilik döretmeýän, saglygyna we ahlak ösüşine zyýan ýetirmeýän bolsa, ýol berilýär. Şu ýagdaýda işgäriň adyndan zähmet şertnamasyna onuň ata-enesi (hossary) gol çekýär we zähmet şertnamasyny baglaşmaga razylyk we rugsat ýazmaça resmileşdirilýär.
  • On sekiz ýaşyna ýetmedik şahslaryň zähmete çekilmegine Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 60-njy maddasyna laýyklykda, iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygyny bellemek bilen, zähmet şertnamasyny baglaşmak arkaly ýol berilýär.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 60-njy maddasyna laýyklykda, iş sagady ýaşy on altydan on sekize çenli işgärler üçin – hepdede 36 sagatdan köp bolmaly däl, ýaşy on alta çenli bolan adamlar üçin bolsa – hepdede 24 sagatdan köp bolmaly däl.

Şu Kodeksiň 23-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen adamlaryň iş wagtynyň dowamlylygy degişli ýaşly adamlar üçin şu bentde göz öňünde tutulan iş wagtynyň ýokary dowamlylygynyň ýarysyndan ýokary geçip bilmez.

Çeşme: Türkmenistanyň Zähmet kodeksi

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022