Türkmenistanda nähili mahabatlar etiki däl diýlip hasaplanylýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda nähili mahabatlar etiki däl diýlip hasaplanylýar?
Aşgabat, Türkmenistan

“Mahabat hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda aşakda görkezilen mahabatyň görnüşleri etiki däl diýlip hasaplanylýar:

  • özünde ahlaklylygyň umumy kabul edilen kadalaryny bozýan ýazgyly, görülýän we (ýa-da) eşidilýän maglumaty, şol sanda milleti, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk we wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ynam-ygtykady ýa-da gaýry ýagdaýlar babatda kemsidiji sözleri, deňeşdirmeleri, keşpleri saklaýan;
  • taryhy-medeni gymmatlyklar hasaplanýan obýektlere zyýan ýetirýän;
  • Döwlet nyşanlaryna (baýdaga, tugra, sena), Türkmenistanyň milli puluna ýa-da daşary ýurt puluna, dini nyşanlara göni ýa-da gytaklaýyn zyýan ýetirýän ýa-da olara hormat goýmazlygy aňladýan;
  • mahabatlandyrylýan harytlardan peýdalanmaýan ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň, şeýle hem olaryň önümçilik, täjirçilik ýa-da beýleki işleriniň mertebesini peseldýän;
  • mahabatlandyrylýan obýekte ýaramaz baha berýän;
  • mahabaty sarp edijileri ýalňyşdyrýan, şol sanda beýleki mahabat berijiniň mahabatynda peýdalanylýan umumy kompozisiýany, tekstini, şekilini, sazyny we (ýa-da) ses taýdan täsir edijiligini gaýtalamak (nusgalamak) arkaly peýdalanýan;
  • eger şeýle hyzmatlary etmek (şeýle işleri ýerine ýetirmek) tölegi göz öňünde tutýan bolsa, hyzmatlary etmegiň (işleri ýerine ýetirmegiň) muzdsuz esasdadygyny aňladýan garaýyşlary emele getirýän “sowgat”, “mugt” we beýleki sözleri özünde saklaýan.  

Türkmenistanda Etiki däl mahabat gadagan edilýär.

Çeşme: “Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022