Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Allamyrat Allaberdiýew aýna süýüminden armatur (kompozit armatur) önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherinde ýerleşýän bu kärhana 4 millimetrden 24 millimetre çenli göwrümi bolan dürli ululykdaky polimer armaturany we 5 öýjükden 25 öýjüge deň bolan aýna süýümli tory öndürýär. Kärhananyň kuwwaty her gün 5 müňden 7 müň metre çenli armatur we 1 müň inedördül metr tor öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kompozit armatur dürli howa şertlerine çydamlylygy we poslamaýanlygy bilen tapawutlanyp, ol howanyň temperaturasynyň -70 derejesinden +200 derejesine çenli çydamlydyr. Şeýle hem kompozit armatur deň göwrümi bolan polat armaturdan 2,5-3 esse güýçlidir.
Mundan başga-da, kompozit armaturyň agramy polat armaturyň agramyndan 4-5 esse ýeňildir. Bu bolsa gurulýan desganyň ýa-da konstruksiýanyň düýbüne düşýän agramy azaldýar. Bu önümiň berkligini ýitirmezden hyzmat ediş möhleti azyndan 80 ýyl hasaplanýar. Şeýle hem bu önüm ekologiýa taýdan arassa bolup, ol zyýanly we zäherli maddalary bölüp çykarmaýar.