Gazagystan şu ýyl demirýol arkaly mazudyň eksportyny artdyryp biler. Bu barada “Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy ”Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.
Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl awtoulag ýangyjynyň diňe içerki bazara gönükdirilmeginiň meýilleşdirilýändigi sebäpli, eksportçylar esasan gara nebit önümlerini daşary ýurtlara ibermegiň üstünde işlärler. Bu bolsa mazudy we wakuum gazoýlyny eksport etmek üçin demir ýol düzümlerine bolan islegiň ýokary derejede saklanylmagyna sebäp bolar. Şol bir wagtda ýeňil nebit önümlerini daşamak üçin esasan ýurdyň içindäki ulag serişdeleri ulanylar.
Şu ýyl hem Gazagystandan eksport edilýän esasy önüm mazut bolar. Ol ýurdyň daşary bazarlara ugradylýan nebit önümleriniň 75 göterimini emele getirýär.
Gazagystanda benzine, dizel ýangyjyna we uçar kerosinine bolan islegiň ýokarlanmagy, ýerli nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda öňüni alyş abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, şeýle hem ýurtda garaşylýan ýangyç ýetmezçiligi şu ýyl bu önümleriň eksportynyň düýpli peselmegine getirer.
Şu ýyl Gazagystanyň iri nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryndan demirýol arkaly mazudyň eksporty 2,5 million tonna çenli ýokarlanyp biler. Bu görkeziji geçen ýyl 2,19 million tonna, 2021-nji ýylda bolsa 1,61 million tonna deň boldy. Mazudyň eksportynyň ýokarlanmagy onuň önümçiliginiň artmagy netijesinde emele geler. Şu ýyl Gazagystanda mazudyň öndürilişi 2,84 million tonna çenli ýokarlanyp biler. Bu görkeziji geçen ýyl 2,81 million tonna we 2021-nji ýylda bolsa 2,41 million tonna barabar boldy.
Şu ýyl Gazagystanyň Atyrau zawodynda wakuum gazoýlynyň önümçiliginiň peseldilmeginiň meýilleşdirilýändigi sebäpli onuň eksporty azalyp biler.