Türkmenistan Pakistana suwuklandyrylan gaz iberip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Pakistana suwuklandyrylan gaz iberip başlady
Türkmenistanyň Owganystanyň üsti bilen Pakistana suwuklandyrylan gaz eksportyna başlamagy mynasybetli gurnalan dabara, 2023-nji ýylyň 29-njy apreli, Kandagar, Owganystan (Surat: pajhwok.com)

Türkmenistan Owganystanyň üsti bilen Pakistana suwuklandyrylan gaz eksportyna başlady. Bu barada Owganystanyň Maliýe ministrliginiň “Twitter” sahypasyna salgylanyp, “TOLOnews” owgan teleýaýlymy ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, suwuklandyrylan gaz Hyrat welaýatynyň Turgundy portyndan Owganystana, soňra bolsa Kandagar welaýatynyň Spin-Boldak serhet şäheriniň üsti bilen Pakistana iberiler. Türkmenistandan Pakistana suwuklandyrylan gaz daşamak boýunça işi üstaşyr geçmek üçin Owganystana töleýän hususy kompaniýa tarapyndan amala aşyrylýar.

“TOLOnews” owgan teleýaýlymynyň habaryna görä, birinji tapgyrda Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Pakistana 50 sany suwuklandyrylan gaz tankeri ugradyldy.

Gaz-ulag kompaniýasynyň başlygy Atikulla Saidal Owganystandan suwuklandyrylan gazyň üstaşyr geçirilmeginiň peýdalydygyny we munuň bilen bagly täze iş orunlarynyň döreýändigini aýtdy. Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Ýunus Owganystanyň Merkezi Aziýany Günorta Aziýa bilen birleşdirmekde wajyp orny eýeleýändigini belläp, söwda işi bilen meşgullanýan kompaniýalara harytlary üstaşyr geçirmeklerinde owgan hökümetiniň ýardam bermelidigini nygtady.

Kandagar gümrük gullugy suwuklandyrylan gazyň Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda ýerleşýän Spin-Boldak serhet geçelgesiniň üsti bilen Pakistana geçirilenden soň täjirçilik harytlarynyň hem üstaşyr geçirilmegi üçin onuň gije-gündiziň dowamynda açyk boljakdygyny kepillendirýär.

Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň orunbasary Zia Rahman Aryoubi 2-nji aprelde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň tehniki barlaglarynyň tamamlanandygyny we bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin hiç hili päsgelçiligiň ýokdygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022