ÝB agza ýurtlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda €118 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB agza ýurtlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda €118 milliondan geçdi
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň ÝB agza ýurtlaryna eksporty 36 million ýewro deň boldy.

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 118,36 million ýewro barabar boldy. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Agentligiň habar bermegine görä, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň ÝB agza ýurtlaryna eksporty 36 million ýewro deň boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse pesdir (71,32 million ýewro).

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ÝB agza ýurtlaryndan jemi bahasy 82,36 million ýewro deň bolan önüm import etdi. Bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,02 göterim pesdir (91,54 million ýewro).

Türkmenistan bilen ÝB agza ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 1 milliard ýewro deň bolup, 2021-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 25,9 göterim azdyr (1,35 milliard ýewro).

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022