“Kendir” kärhanasy alýumin profilinden penjire we gapy öndürip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Kendir” kärhanasy alýumin profilinden penjire we gapy öndürip başlady
Alýumin profilinden penjire önümçiliginden bir pursat

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän “Kendir” hususy kärhanasy golaýda alýumin profilinden penjire we gapy öndürip başlady. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.

“Kendir” hususy kärhanasy 2019-njy ýylda esaslandyrylyp, bu ýerde jaýyň üstki örtükleriniň (çerepisa, profnastil) dürli görnüşleriniň önümçiligi alnyp barylýar. Bu kärhana Türkiýäniň, Hytaýyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde işçi-hünärmenleriň segsene golaýy zähmet çekýär.

Habarda bellenilişi ýaly, çig mal hökmünde demir listler ulanylyp, ýörite enjamlarda olara görnüş berilýär. Jaýlaryň üçek örtükleriniň ölçeglerine, reňklerine baglylykda, dürli görnüşleri öndürilýär. Mundan başga-da, bu kärhanada ternaw suw akarlary hem ýasalýar.

“Kendir” hususy kärhanasy demir beton gurluşlary (konstruksiýalary) üçin kebşirlenen gözenekleriň önümçiligini hem alyp barýar. Önümler gözenekleriniň ölçegi, olary düzýän simiň galyňlygy boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar.

2022