ÝÖB-niň başlygy Türkmenistanyň banka agza bolmagyna umyt edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝÖB-niň başlygy Türkmenistanyň banka agza bolmagyna umyt edýär
Aziýa we Ýuwaş Umman sebitiniň ösüş Institutlarynyň Assosiasiýasynyň maýadar agzalarynyň halkara konferensiýasy, 2023-nji ýylyň 15-17-nji maýy, Almaty, Gazagystan (Surat: primeminister.kz)

Ýewraziýa Ösüş Bankynyň (ÝÖB) başlygy Nikolaý Podguzow wagtyň geçmegi bilen Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň banka agza bolmagyna umyt edýär. Bu barada Nikolaý Podguzowyň 15-17-nji maý aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýän Aziýa we Ýuwaş Umman sebitiniň ösüş Institutlarynyň Assosiasiýasynyň (ADFIAP) maýadar agzalarynyň halkara konferensiýasynda eden çykyşyna salgylanyp, “TASS” agentligi duşenbe güni habar berdi.

“Bankyň agzalarynyň arasynda Türkmenistany we Azerbaýjany görmek isleýärin. Wagtyň geçmegi bilen bu ýurtlaryň hem ÝÖB-ne agza bolmaklaryna umyt edýärin” diýip, Ýewraziýa Ösüş Bankynyň başlygy öz çykyşynda belledi.

ÝÖB-niň metbugat merkeziniň habar bermegine görä, Aziýa we Ýuwaş Umman sebitiniň ösüş Institutlarynyň Assosiasiýasynyň (ADFIAP) maýadar agzalarynyň halkara konferensiýasyna dünýäniň 40 ýurdundan, ýagny Günorta-Gündogar Aziýadan, Ýewropa Bileleşiginden, Latyn Amerikadan, Afrikadan we Ýakyn Gündogardan, Täze Zelandiýadan, Kanadadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Saud Arabystanyndan, Beýik Britaniýadan we ABŞ-dan gelen wekiliýetler, şeýle hem BMG-nyň düzümlerini hasaba almak bilen halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Konferensiýanyň ýörite mejlisinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň maýa goýum mümkinçiligi we taslamalary dünýäde iň tiz ösýän sebit hökmünde görkeziler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022