“Türkmendeňizderýaýollary” bilen “Petronas Carigali” gämi gurluşyk taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmendeňizderýaýollary” bilen “Petronas Carigali” gämi gurluşyk taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Kompaniýanyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri hem-de kuwwatlyklary bilen tanyşdyryldy.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen “Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Dhd” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçen hepdäniň duşenbe güni geçirilen duşuşykda gämi gurluşyk taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar iki taraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we ýüzüji serişdelerini abatlamak boýunça pikir alyşdylar.

Kompaniýanyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri hem-de kuwwatlyklary bilen tanyşdyryldy we kompaniýa tarapyndan geljekde gämileri we ýüzüji serişdeleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirildi.

Hususan-da, kompaniýanyň wekilleri tarapyndan gami abatlaýyş zawodynda iki sany ýüzüji serişdäni, ýagny bir sany özi ýüzýän nebit çykaryjy platformany we bir sany nebit saklaýjy platformany abatlamaklyk teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny we şol ugurda degişli işleriň geçiriljekdigini bellediler.

2022