Türkmenistanda ýerleşýän Garagum çölünde guýular we ýagyş suwyny ýygnaýjy ýerasty howuzlar gurulýar. Ýakynda “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurakçylyk we şorlaşma meýdanlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak” taslamasy boýunça maldarlary we çöl jemgyýetlerini suw bilen üpjün etmek maksady bilen 10 sany guýy we 10 sany ýagyş suwyny ýygnaýjy ýerasty howuz guruldy.
Guýular öri meýdanlary deň suwarmagy üpjün edýär. Ýagyş suwyny ýygnaýjy ýerasty howuzlar bolsa maldarçylyk hojalyklaryny we çöl jemgyýetiniň ilatyny suw bilen üpjün edýär. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) penşenbe güni habar berdi.
Bir guýy takmynan 700-1000 müň gektar öri meýdanlary suw bilen üpjün edýär we 150-220 sany goýun sürüsini bir guýynyň töwereginde idedip bolýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda 6 sany guýy we 6 sany ýagyş suwyny ýygnaýjy ýerasty howuz, degişlilikde Daşoguz we Lebap welaýatlarynda 2 sany guýy we 2 sany ýagyş suwyny ýygnaýjy ýerasty howuz guruldy.
Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden biri bolan Garagum çöli Türkmenistanyň tutýan meýdanynyň takmynan dörtden üç bölegini emele getirýär. Şeýle hem Garagum çöli tutýan meýdany boýunça Beýik Britaniýa, Italiýa we Norwegiýa ýaly ýurtlardan hem uludyr.