Türkmenistan Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan we Eýran bilen bilelikde balygyň bekre görnüşleriniň täjirçilik maksatly tutulmagynyň gadagançylygyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu çözgüt Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli ulanmak boýunça toparyň mejlisiniň dowamynda kabul edildi.
Russiýanyň Balykçylyk boýunça federal agentliginiň habar bermegine görä, döwletler bekre işbiliniň we etiniň geljek ýylda eksport edilmeli möçberlerini kesgitlemezlik barada ylalaşdylar. Bu görnüşli balyklary tutmaklyk ylmy barlaglar we emeli önümçilik maksatlary bilen gönüden-göni baglylykda geçiriler.
Ýurtlaryň balyk çeşmelerini goramak maksady bilen balyk görnüşlerini goramak we olary öndürmek boýunça çäreler görülýär. Rus tarapy şeýle hem Hazarýaka döwletleriň balykçylarynyň forumyny döretmegi we Hazar toparynyň ýyllyk neşirini çykarmagy teklip etdi.
Bekre balyklaryň täjirçilik maksatly tutulmagyna gadagançylyk eýýäm ikinji ýyl yzly-yzyna amala aşyrylýar. Şunuň ýaly çäklendirme 2024-nji ýylda hem girizilipdi.