“Elwan” studiýasy toý dabaralary üçin dürli nyrhnamalary hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Elwan” studiýasy toý dabaralary üçin dürli nyrhnamalary hödürleýär
“Elwan” studiosy düşürilen hem-de gaýtadan işlenilen ähli suratlary we wideony 30-40 günüň dowamynda taýýar görnüşinde müşderä gowşurýar.

“Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän “Elwan” foto we wideo studiýasy toý dabaralary üçin müşderilere dürli nyrhnamalary hödürleýär. Nyrhnamalar "elýeterli", "standart" we "VIP" bölümlere bölünip, bu her bir müşderä özi üçin iň amatly bölümi saýlamaga mümkinçilik berýär.

Toý adamzadyň durmuşynda ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biridir. Şol sebäpden hem bu günüň ähli pursatlaryny surata we wideo düşürmek üçin ýokary hilli we amatly studiýany saýlamak möhüm ähmiýete eýedir. “Elwan” foto we wideo studiýasynyň işine ökde hünärmenleriniň kömegi bilen toýuňyzyň ähli pursatlary iň ýokary derejede ýazga geçiriler we surat görnüşinde taýýarlanylar.

Studiýa tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlar toý pursatlaryny ýokary hilli wideo we suratlara almaklygy, düşürilen şekilleri gaýtadan işlemekligi, surat kitabyny we aýdym-sazly wideony taýýarlamaklygy öz içine alýar.

Şeýle hem studiýa toý dabaralarynyň dowamynda göni ýaýlym arkaly wideo hyzmatyny hem alyp barýar.

“Elwan” studiýasy düşürilen hem-de gaýtadan işlenilen ähli suratlary we wideony 30-40 günüň dowamynda taýýar görnüşinde müşderä gowşurýar. Mundan başga-da, studiýa taýýar şekilleri elektron görnüşinde fleşka we diska geçirip berýär.

“Elwan” foto we wideo studiýasy bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgisi: +99361 66-11-00

Instagram: elwanstudio

Tiktok: elwan_studio

2022