“Maksada okgunly” şokoladly büzmeçeleri öndürmegiň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Maksada okgunly” şokoladly büzmeçeleri öndürmegiň üstünde işleýär
Türkmenistanda ilkinji gezek öndüriljek bu önüm ýakyn günlerde ýurduň söwda nokatlarynda peýda bolar. (Surat: emkolbaski.ru)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçi Maksat Ibragimowyň ýolbaşçylyk edýän “Maksada okgunly” hususy kärhanasynda täze önümiň ýagny, şokoladly büzmeçeleriň üstünde işlenilýär. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Telekeçi Maksat Ibragimowyň habar bermegine görä, Türkmenistanda ilkinji gezek öndüriljek bu önüm ýakyn günlerde ýurduň söwda nokatlarynda peýda bolup, müşderileri begendirer.

“Maksada okgunly” hususy kärhanasynyň hind guşçulyk toplumynda 75 görnüşli önüm öndürilýär. Hind guşçulyk toplumy onlarça gektara barabar bolan meýdanda ýerleşip, ol ýerde etlik hind towuklary idedilip ýetişdirilýär. Şeýle hem hind towuklarynyň etinden şöhlat önümleri, doňdurylan somsa, börek, kotlet, manty ýaly ýarym taýýar önümler taýýarlanylýar.

Şu ýylyň başynda bu toplumda hind towugynyň etinden konserw gaplamasy taýýarlanylyp başlandy we häzirki wagtda her günüň dowamynda onuň 890 şertli bankasy gaplanylýar. Üç görnüşde — hind towugynyň ak etli budundan, gyzyl etli döşünden hem-de bokurdagyndan taýýarlanýan süňkli gaplamalar 480 gramlyk gaplarda bolup, olar tagamlylygy, harytlyk görnüşiniň özüne çekijiligi bilen tapawutlanýarlar.

“Maksada okgunly” haryt nyşanly hind towugynyň etinden taýýarlanylýan konserw gaplamalarynyň eksporty Azerbaýjana ýola goýuldy. Mundan başga-da, bu önümleri Özbegistana ugratmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022