Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $6,6-11 million derejesinde saklanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $6,6-11 million derejesinde saklanýar
Şweýsariýanyň Türkmenistana eksportynyň esasy bölegi sagat, tehnika, himiýa we derman önümleri bolup durýar. (Surat: stolicaonego.ru)

Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy häzirki wagtda ýylda 6,6-11 million ABŞ dollary derejesinde saklanýar. Bu barada Şweýsariýanyň Ykdysady meseleler boýunça sekretariatyna (SECO) salgylanyp, “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynda Şweýsariýadan eksport edilýän harytlaryň arasyna sagat, tehnika, himiýa we derman önümleri girýär.

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlary bilen söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 118,36 million ýewro barabar boldy.

Şeýle hem Türkmenistan ÝB agza ýurtlaryndan himiýa önümlerini we mineral çig maly import edýär.

2022