Türkmenistanyň ilçihanalary Bütindünýä welosiped gününi bellediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ilçihanalary Bütindünýä welosiped gününi bellediler
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň geçiren welosiped ýörişinden bir pursat (Surat:Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy anna güni Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dostlukly welosiped ýörişini geçirdi. Welosiped ýörişine gatnaşyjylar Kambr goraghanasynyň şäher seýilgähinde welosipedde özara bäsleşdiler. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Bu möhüm çärä ilçihananyň işgärleri, maşgala agzalary, Belgiýada ýaşaýan türkmenler, "Diplomatic World" halkara žurnalynyň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ilkinji bäşlige Özbegistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň ilçihanalarynyň wekilleri girdi.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy hem şu ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirdi. Welosiped ýörişi Eýfel diňiniň golaýyndaky “Champ de Mars” seýilgähinde başlandy we oňa gatnaşyjylar Parižiň gözel ýerlerinden ýagny, “Quai Branly” muzeýiniň, “Aleksandr III” köprüsiniň, ÝUNESKO-nyň edara binasynyň, “Grand Palais Éphémère” sergiler köşgüniň öňünden geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa bedenterbiýe we sport pudagyndaky başlangyçlary goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle hem welosiped ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistanyň ilçihanasynyň başlangyjy bilen gurnalan bu çäräniň Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgesine we daşky gurşawy gorap saklamaga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

2022