Türkmenistanda derman serişdelerini öndürmegiň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda derman serişdelerini öndürmegiň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahaty, 2023-nji ýylyn 6-njy iýuny

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sişenbe güni Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça geçiren iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde görkezilen ösümlikler, olary gaýtadan işlemegiň ugurlary we Türkmenistanda derman serişdelerini öndürmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleleriň ylmy esasda öwrenilýändigi barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň çäginde bar bolan dermanlyk ösümlikleriň ekologik derejesi, olaryň dermanlyk häsiýetleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu bolsa ýerli çig mallardan saglygy goraýyş ulgamynda zerur bolan derman serişdelerini öndürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen lukmanlarynyň we bu ugur boýunça iş alyp barýan alymlaryň degişli ylmy-seljeriş işlerini geçirmekleriniň zerurdygyna ünsi çekdi we alnyp barylýan ylmy-seljeriş işleriniň netijeleri boýunça dermanlyk serişdelerini we lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça halkara bäsleşigiň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda bar bolan çig mallary ýokary derejede gaýtadan işläp, olardan ekologik taýdan arassa we ýokary hil görkezijilerine laýyk gelýän önümleriň öndürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Türkmen topragynda bar bolan çig mallardan we ekologik taýdan arassa çeşme suwlaryndan taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriň mukdaryny artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu önümleriň içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen bir hatarda, eksport mümkinçilikleriniň hem artjakdygyna ynam bildirdi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň polipropilen we polietilen önümlerinden taýýarlanan, lukmançylyk edaralarynda yzygiderli ulanylýan sanjym enjamlaryny peýdalanmagyň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi.

2022