“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy
“Apple” kompaniýasynyň “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyryş dabarasy, Kaliforniýa, ABŞ (Surat: Reuters)

“Apple” her ýyl geçirýän Bütindünýä IT döredijileriniň konferensiýasynda täze ýokary tehnologiýaly enjam bolan “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy. Bu konferensiýa 5-9-njy iýun aralygynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda geçirildi. “Vision Pro” garniturasynyň başlangyç bahasy 3 müň 499 ABŞ dollaryna deň bolup, ol indiki ýyl satuwa çykarylar. Bu barada “Bloomberg” agentligi duşenbe güni habar berdi.

“Vision Pro” garniturasy garda typmak üçin niýetlenilen äýnege meňzeş bolup, onda ulanyjylaryň daş-töweregini we wirtual hakykaty şol bir wagtda görmäge mümkinçilik berýän üç ölçegli interfeýsi bolar. Onda “FaceTime”, “Safari” we beýleki “Apple” tehnikalaryna mahsus bolan programmalar hem görkeziler. Ulanyjylar gözi skanirlemek arkaly tehnikanyň gulpuny açyp, göz we el hereketleri hem-de ses arkaly programmalary ulanyp bilerler.

“Reuters” agentliginiň "Apple" kompaniýasynyň konferensiýadaky beýanyna salgylanyp beren habaryna görä, bu tehnika “Disney+” hyzmaty we “Microsoft Office Suite” hem-de “Adobe Inc.” programmalary bilen işlär.

Şeýle hem “Apple” kompaniýasy Bütindünýä IT döredijileriniň konferensiýasynda 15 dýuýmlyk “MacBook Air” noutbugyny we iş stollary üçin güýçlendirilen kompýuter çiplerini hem hödürledi. Mundan başga-da, kompaniýa kompýuterler, “AirPods”, sagatlar we “iPhon” telefonlary üçin operasiýa ulgamynyň täzelenmelerini ýaýratdy. Bularyň hemmesinde “Journal” programmasy, “FaceTime” we wideo habarlaşma ýaly täze mümkinçilikler bardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022