Türkmen haj zyýaratçylarynyň 2312 sanysy döwlet tarapyndan Mekgä ugradylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen haj zyýaratçylarynyň 2312 sanysy döwlet tarapyndan Mekgä ugradylar
Mekge, Saud Arabystany

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti 2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2 müň 312 sany türkmen raýatlaryny haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, haj parzy Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde berjaý edilýär. Gurban baýramy şu ýyl iýun aýynyň 28-29-30-y günlerine gabat gelýär.

Şeýle hem, şu ýyl haj zyýaratyna gitjek ähli türkmen raýatlaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan ýörite gatnaw arkaly Saud Arabystany Patyşalygyna eltilip-getirilmegi tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan hemaýat we ýardam bermegi bilen türkmen raýatlary her ýylda mukaddes Mekge we Medine şäherlerine haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin zyýarata iberilýär.

2022