Balkan welaýatynda 68 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkan welaýatynda 68 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar
Balkan welaýatynda 8 sany 4 gatly, 40 sany 2 gatly, 20 sany 1 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde dürli gatly 68 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar. Bu barada “Balkan” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Bu maksat bilen Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher häkimligi ýaşaýyş jaýlaryň taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak boýunça potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi.

“Balkan” gazetinde çap edilen bäsleşige laýyklykda, Balkan welaýatynda 8 sany 4 gatly, 40 sany 2 gatly, 20 sany 1 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänler degişli resminamalary Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk, jemagat hojalyk işlerini utgaşdyryjy bölüminden alyp bilerler.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilen gününden soňra, 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýapyk bukjalarda kabul edilýär.

2022