Wengriýa Türkmenistandan tebigy gaz import etmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýýarto öz sosial torlarynda habar berdi.
Wengriýanyň Daşary işler ministri resmi sapar bilen penşenbe güni Aşgabat şäherine gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzümine girýär.
“Türkmen tebigy gazynyň Ýewropa we Wengriýa energiýasyna goşulmagy üçin infrastruktura gurmak isleýäris” diýip, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri öz sosial torlarynda belledi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşyk geçirdi.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda söwda, energetika, senagat kooperasiýasy, logistika, oba hojalygy we hususy ulgam geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Habarda bellenilişi ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr we bu meseläni has içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda anna güni geçiriljek duşuşykdan soň birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler diýlip garaşylýar.