Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan tebigy gazdan wodorod öndürmegiň tekliplerine garamaga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan tebigy gazdan wodorod öndürmegiň tekliplerine garamaga taýýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 9-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen geçiren duşuşygynda häzirki wagtda tebigy gazdan wodorod öndürmegiň geljegi uly we örän zerur ugur bolup durýandygyny aýtdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň bu ulgamda wenger kärdeşleriniň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Wengriýa Türkmenistandan tebigy gaz import etmäge gyzyklanma bildirýär,emma munuň üçin ilki bilen Hazar deňziniň düýbünden uzynlygy 300 kilometre barabar bolan gaz geçirijisini gurmaly bolar, diýip sapar bilen Türkmenistana gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzümine girýän Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýýarto öz sosial torlarynda aýtdy.

Şeýle hem Peter Siýýarto Wengriýanyň türkmen tebigy gazynyň Ýewropanyň we Wengriýanyň energiýa pudagyna goşulmagy üçin infrastruktura gurmak isleýändigini tassyklady.

2022