Türkmenistan bilen Pakistan bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Pakistan bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy
Pakistanyň Premýer-ministriniň Söwda we senagat boýunça utgaşdyryjysy Rana Ihsan Afzal Han bilen Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 15-nji iýuny, Yslamabat, Pakistan (Surat: newscentralasia.net)

Pakistanyň Premýer-ministriniň Söwda we senagat boýunça utgaşdyryjysy Rana Ihsan Afzal Han bilen Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamowyň arasynda penşenbe güni Yslamabatda geçirilen duşuşykda energiýa we aragatnaşyk pudaklarynda möhüm bolan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda esasy iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasy görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň bilelikdäki Meýilnamasyna gol çekilendigini bellediler.

Mundan başga-da, TOPH we TOP taslamalarynyň amala aşyrylmagy sebitiň gülläp ösmegine we Pakistanyň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygy aýratyn bellenildi.

Şeýle hem duşuşykda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Arab News” gazetiniň haba bermegine görä, Türkmenistandan we Özbegistandan Pakistana ýurduň Owganystan bilen serhetleşýän Torham gümrük nokady arkaly 21 sany suwuklandyrylan gaz ýüklenen awtoulag gelip gowuşdy.

2022