Arkadag şäherinde halkara maýa goýum forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäherinde halkara maýa goýum forumy geçiriler
Arkadag şäheri, Türkmenistan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda 30-njy iýunda Arkadag şäherinde ýerleşýän “Märkaw” myhmanhanasynda “Arkadag — “akylly” şäher” atly halkara maýa goýum forumy geçiriler.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan" teleradioýaýlymynyň halkara habarlar bölüminiň žurnalisti Çary Çaryýewiň “Biznes Türkmenistan" internet neşirine beren habaryna görä, bu halkara foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak hususy kompaniýalaryň hem-de iri ugurdaş halkara guramalaryň, banklaryň wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

“Arkadag — “akylly” şäher” atly halkara maýa goýum forumynyň mejlislerinde Türkmenistanyň ýokary derejede ösen we täze sanly çözgütlere daýanýan intellektual jemgyýeti gurmaga gönükdirilen maýa goýum mümkinçilikleri, Arkadag şäheri döredilende işjeň ulanylan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, maýa goýumlaryň ileri tutulýan ugurlary, şäher ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak, ýaşaýjylar üçin iň oňaýly, amatly we howpsuz ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen, şäher gurşawyny döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Iýun aýynyň ahyrynda geçiriljek halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergi-ýarmarkasynyň guralmagy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi, şeýle hem myhmanlaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik toplumlaryna baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.

Forumy gurnaýjylar bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgisi: +993 12 38-49-04

Elektron poçtasy: forum2023@tstb.gov.tm

2022