“KOMEA” kompaniýasy “Balkan” zawodyna bilelikdäki kärhanany dörtmegi teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“KOMEA” kompaniýasy “Balkan” zawodyna bilelikdäki kärhanany dörtmegi teklip etdi
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary bilen “KOMEA” deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 20-nji iýuny

Koreýa Respublikasynyň “KOMEA” deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň ýolbaşçylary “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary bilen sişenbe güni agentligiň edara binasynda geçirilen duşuşykda mümkin bolan halatynda “Balkan” gämi gurluşyk zawody bilen koreý kompaniýasynyň arasynda bilelikdäki kärhanany döretmegi teklip etdiler. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň deňiz ulag ulgamy barada, gelejekde milli deňiz söwda flotuny, port ulgamyny ösdürmek boýunça göz öňünde tutulýan gämi gurluşyk taslamalary bilen giňişleýin tanyşdyrylyp, ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagy teklip edildi.

Myhmanlar duşuşygyň dowamynda assosiasiýasynyň ýerine ýetirýän wezipesi, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gämi gurluşyk babatda hyzmatdaşlygyň mümkin bolup biljek ugurlary, strategiki hyzmatdaşlygy, gury ýük we parom gämilerini bilelikde taslamalaşdyrmagyň we gurmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň, gämi gurluşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, enjamlary üpjün etmegiň mümkinçilikleri, zawodyň alyp barýan işlerini sanlylaşdyrmak, hil taýdan dolandyryş ulgamyny we marketing işlerini ýola goýmak barada belläp geçdiler.

Şeýle hem gelejekde “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda Hazarýaka gämi gurluşyk senagaty, aýratynlykda deňiz ulaglary üçin zerur bolan enjamlary üpjün edýän Merkezi (Hub) döretmegiň mümkinçiligi boýunça pikir alşyldy.

KOMEA – Koreýa Respublikasynyň deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasy bolup, ýurduň Söwda, Senagat we Energetika ministrligine degişlidir. Assosiasiýanyň agzalary 285-den gowrak agyr senagat önümçilik kompaniýalardan ybaratdyr.

2022