Özbegistan bilen Eýran Özbegistan — Türkmenistan — Eýran üçtaraplaýyn multimodal ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazandy. Bu barada “UzDaily” internet neşiri duşenbe güni habar berdi.
Bu ylalaşyklar Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Makhamow bilen Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdod Bazrpoşyň arasynda ýekşenbe güni Daşkende geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ýakyn wagtda Eýranyň özbek milli ýük daşaýjylaryndan haryt daşamak üçin alynýan töleglerini azaltmak hem-de ýangyç boýunça salgyt töleglerini dünýäniň beýleki ýurtlarynyň salgytlary bilen deňleşdirmek hakynda ylalaşarlar.
Mundan başga-da, taraplar eýran-özbek logistika merkezini döretmek, şeýle hem özbek telekeçileriniň gatnaşmagynda Eýranyň Çabahar we Bendar-Abbas portlarynda terminallary we ammarlary gurmak barada ylalaşdylar.