Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” halkara forum geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” halkara forum geçiriler
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XVII halkara forum

“Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2023) atly XVIII halkara forum we sergi şu ýylyň 25-27-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada “Turkmen Forum” hojalyk jemgyýeti duşenbe güni habar berdi.

Halkara forumyň we serginiň esasy maksady energiýa pudagy boýunça mundan beýläk-de durnukly ösüş boýunça sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmek, global energiýa ulgamynyň soňky tendensiýalaryny gözden geçirmek we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.

Bu forum “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalýar. “Turkmen Forum” HJ we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bolsa çäräniň gurnalmagynda hyzmatdaş hökmünde çykyş edýärler.

OGT-2023 atly halkara foruma we sergä öňdebaryjy halkara energiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we dünýäniň öňdebaryjy maliýe guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklaryna, şeýle hem olaryň özara tejribe alyşmaklaryna we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebitleýin we global tendensiýalary ara alyp maslahatlaşmaklaryna garaşylýar.

Şeýle-de maslahatyň çäginde Türkmenistanyň nebitgaz, bank, himiýa we energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen maýa goýum mümkinçiliklerini has giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklar gurnalar.

2022