Ýaponiýanyň alymlary adamlarda dişleriň üçünji toplumynyň ösmegine itergi berip biljek innowasion derman döretdiler.
Ýaponiýanyň “Mainichi Shimbun” milli gazetiniň habar bermegine görä, dermanyň kliniki synaglary 2024-nji ýylyň iýul aýynda başlar.
Ylmy barlaglar adam bedeniniň üçünji toplum dişini ösdürip ýetişdirmek mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär. Emma dişiň üçünji toplumynyň ösmegi USAG-1 belogy tarapyndan bökdelýär.
Ozal bu derman syçanlarda üstünlikli synagdan geçirildi we ol haýwanlarda täze dişleriň ösmegine getirdi.
Häzirki wagtda gözleg topary dermanlary adamlarda ulanmak üçin taýýarlamagyň üstünde işleýär. Bu dermany başda näsaglary bejermek üçin ulanmak meýilleşdirilýär we geljekde bu dermanyň ulanylyşyny giňeltmek göz öňünde tutulýar.