“Esli” kompaniýasy uly ýaşly adamlar üçin egin-eşikleri öndürip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Esli” kompaniýasy uly ýaşly adamlar üçin egin-eşikleri öndürip başlady
“Esli” hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän “Esli” hojalyk jemgyýeti ýakynda uly ýaşly adamlar üçin dürli görnüşli egin-eşikleri öndürip başlady. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.

“Esli” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda pasla görä çagalar üçin niýetlenen “Besti” haryt nyşanly egin-eşikleriň 400-den gowrak görnüşi tikilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hojalyk jemgyýetiniň egin-eşik kärhanasynda 190-a golaý hünärmen zähmet çekýär.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy her aýda çaga eşikleriniň 40 müňüsini öndürmäge niýetlenip, ol ýerde eşikler tikilende, 6 aýlyk bäbeklerden başlap, 14 ýaşa çenli bolan çagalaryň ýaş aýratynlygy göz öňünde tutulýar.

Häzirki günlerde kärhanada tikinçiler sargytlar esasynda pasla görä egin-eşikleriň dürli görnüşlerini ýokary depginde taýýarlamaklaryny dowam etdirýärler diýip, “Rysgal” gazetinde çap edilen makalada bellenilýär. Şeýle hem “Esli” hojalyk jemgyýetinde bu önümleriň eksporty goňşy ýurtlara üstünlikli alnyp barylýar.

2022