Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň energetika ýolbaşçylary gepleşikleri geçirerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň energetika ýolbaşçylary gepleşikleri geçirerler
“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022” atly halkara sergi, 2022 nji ýylyň 26-28nji oktyabry, Aşgabat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda anna güni Aşgabatda geçirilen ilkinji sammitinde üç ýurduň Döwlet Baştutanlary nebitgaz hem-de elektrik energiýasy pudaklarynda bilelikde işlemegiň mümkinçiligine seretmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Üç ýurduň energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmek barada Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň ylalaşygy sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, tebigy gazy, nebiti we nebit önümlerini, elektrik energiýasyny ibermek babatda hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda energetika ulgamynyň özara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belläp, hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny döretmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy.

“Bu strategik maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn, anyk çemeleşme zerur bolup durýar. Bu ulgamda eýýäm belli bir tejribe toplandy hem-de özara gatnaşyklaryň, hususan-da, elektrik energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňat mysallary bar. Umuman, Türkmenistan şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, onuň durnukly häsiýetli bolmagyny üpjün etmäge taýýardyr” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany aýtdy we gaz pudagynda uzak möhletli üçtaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga degişli teklibi beýan etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, energiýa, logistika we üstaşyr pudagyndaklaryndaky hyzmatdaşlyk, nyrhnamalary has-da gowlandyrmak, söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we Amyderýanyň suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak meselelerine garaldy.

2022