Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda anna güni Aşgabatda geçirilen sammitde üç ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň we hususy pudagynyň mümkinçiliginden peýdalanmak arkaly, hyzmatdaşlygyň täze usullaryny we gurallaryny döretmegiň zerurdygy nygtaldy.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Döwlet Baştutanlarynyň hyzmatdaşlygyň täze usullaryny we gurallaryny döretmegiň zerurdygy barada ylalaşygy üçtaraplaýyn sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle hem taraplar serhetýaka söwdasy babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.
“Söwdany giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasy, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk, maýa goýum işini höweslendirmek ýaly üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri çetde galmaly däldir” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow sammitiň dowamynda eden çykyşynda aýtdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Döwlet Baştutanlary dokma, himiýa, gurluşyk we beýleki pudaklarda bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar.