Yrak Türkmenistandan we Katardan gaz import etmek boýunça komitet döretdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Yrak Türkmenistandan we Katardan gaz import etmek boýunça komitet döretdi
Yragyň tebigy gaz ýatagynda alnyp barylýan işlerden bir pursat, 2020-nji ýylyň 21-nji apreli (Surat: AFP)

Yragyň elektrik energiýa ministrligi sişenbe güni Türkmenistandan we Katardan gaz import etmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin bilelikdäki komitetiň döredilendigini mälim etdi. Bu barada Yragyň elektrik energiýa ministri Ziýad Ali Fadeliň aýdanlaryna salgylanyp, Yragyň “Iraqi News” agentligi habar berdi.

Şeýle hem Yragyň elektrik energiýa ministri ýurduň hökümetiniň elektrik energiýa ministrliginiň önümçilik meseleleri boýunça orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Nebit ministrliginiň ýokary wezipeli işgärlerini we elektrik energiýa ministrliginiň geňeşçilerini öz içine alýan komiteti döretmek kararyna gelendigini belläp geçdi.

Mundan başga-da, Ziýad Ali Fadel Türkmenistandan tebigy gazy, Katardan bolsa suwuklandyrylan gazy import etmek boýunça meseleleri maslahatlaşmak üçin komitetiň agzalaryndan ybarat bolan wekiliýetleriň sapar bilen ady agzalan ýurtlara barjakdyklaryny aýtdy.

INA agentliginiň habar bermegine görä, Yragyň import edýän tebigy gazy ýurduň merkezinde we günortasynda ýerleşýän we her gün jemi 7000 megawat elektrik energiýasyny öndürýän elektrik stansiýalarynda ulanylýar.

Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şia al-Sudani ýurda gaz import etmegiň alternatiwalaryny öwrenmek maksady bilen ozal duşuşyk geçirdi we Türkmenistandan tebigy gaz import etmek mümkinçiliklerine garady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022