Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türkmenistandan elektrik energiýanyň importyny artdyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türkmenistandan elektrik energiýanyň importyny artdyrmakçy
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň hünärmenleri işleriň alnyp barşyny gözegçilik edýärler

Gyrgyzystan Türkmenistandan 2024-nji ýylda 1,7 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyzystanyň Energetika ministri Talaýbek Ibraýew “RIA Nowosti” agentligine penşenbe güni beren interwýusynda mälim etdi.

Talaýbek Ibraýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Gyrgyzystan Türkmenistandan we Russiýadan elektrik energiýasyny satyn alýar.

Şeýle hem Gyrgyzystanyň Energetika ministry şu ýylyň ahyryna çenli Russiýanyň “InterRAO” kompaniýasyndan takmynan 1,5 milliard kilowat sagat elektrik energiýasynyň satyn aljynjakdygyny we Türkmenistandan hem 1,6 milliard kilowat sagat elektrik energiýasynyň import edilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Gyrgyzystan 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aralygynda Türkmenistandan 566,381 million kilowat sagat elektrik energiýasyny import etdi.

2022