Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Arslan Garajaýewiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanasynda organiki dökünleriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe güni çap edilan sanynda habar berilýär.
“Nourivit Plus” tehnologiýalary esasynda öndürilýän organiki dökün suwuk görnüşinde bolup, ol ekerançylykda giňden ulanylýar. Bu dökün peýdaly mikroorganizmlerden öndürilýär diýip, habarda bellenilýär.
Şeýle-de organiki döküniň düzüminde hiç hili himiki goşundynyň ýokdugy onuň esasy artykmaçlygydyr. Bu döküni ösümlikleri, bugdaýy, gowaçany, gök-bakja ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde ulanyp bolýar.
Habarda ýellenilişi ýaly, dökün miweli baglara, ösümliklere ýazda berilýär, ýagny 2 — 4 ýaprak çykaranda, olaryň ýapraklaryna sepilýär. Organiki dökün topragy gurplandyrmakda, ösümlikleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir. Ekinleri kesellerden goramaga we zyýan berijileriň öňüni almaga ýardam edýär.
Mundan başga-da, habarda “Nourivit Plus” organiki döküniň Türkmenistanyň toprakhowa şertlerinde oba hojalyk ekinleriniň we miweli baglaryň kesellerine hem-de zyýankeşlerine garşy ulanylyp görülendigi we alnan netijeleriň esasynda, bu ergini ekerançylykda we bagbançylykda ulanmagyň usullary, kadalary, möwsümi işlenip düzülendigi hem-de önümçilige hödürlenilendigi bellenilýär.