Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $5,85 milliarda deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $5,85 milliarda deň boldy
“Sinopec” kompaniýasynyň hünärmenleri Puýan şäherindäki gaz desgasynda işleri alyp barlaýarlar (Surat: China Daily)

Türkmenistan Hytaýa 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aralygynda 5,85 milliard ABŞ dollarlyk tebigy gaz iberdi. Bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 10 göterim ýokarydyr. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, Russiýanyň TASS habarlar gullugy ýekşenbe güni habar berdi.

Baş gümrük müdirligi Hytaý tarapyndan import edilen energiýa çeşmesiniň fiziki göwrümi barada maglumat bermeýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Hasabat döwründe Hytaýy turbageçiriji arkaly tebigy gaz bilen üpjün edýän öňdebaryjy ýurtlaryň arasyna Russiýa hem girdi. Russiýanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty 3,94 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse artdy.

Beýleki turbageçiriji arkaly tebigy gazy bilen Hytaýy üpjün edýän öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna Mýanma ($861,81 million), Gazagystan ($614,32 million) we Özbegistan ($295,3 million) girdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan tebigy gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

Bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk 2022-nji ýylyň fewral aýynda gazanyldy. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň ýyllyk 65 milliard kubmetre çenli artdyrylmagyna garaşylýar.

Türkmenistan Hytaýa 2022-nji ýylda 10,25 milliard ABŞ dollarlyk tebigy gaz iberdi. Bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 51 göterim ýokarydyr. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022