Türkmenistanda notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibi tassyklanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibi tassyklanyldy
Resminamalaryň barlanylýan pursady (Surat: hurriyet.com.tr)

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 36-njy maddasyna laýyklykda, ýurtda notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibi tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligi habar berdi.

Notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda çykaran 41-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyldy.

Tertipnama laýyklykda, Türkmenistan boýunça döwlet notarial edaralarynyň döwlet notariuslarynyň sany we iş çägi Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň çäklerinden, hereketleriň sanyndan, ilat sanyndan hem-de döwlet notarial edarasyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerden ugur alnyp Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

Şeýle hem hususy notariuslaryň wezipe sany notarial hereketleri, ilat sany, döwlet notarial edarasyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň araçägi boýunça kesgitlenilýär.

Tassyklanylan tertipnama görä, soňky 3 ýylyň dowamynda notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketlerinden ugur alyp, aýda 300 – 400 notarial hereketi üçin bir hususy notariusyň wezipesi, Aşgabat, Arkadag şäherleri we welaýat merkezlerindäki şäherler boýunça 30 müň adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi, etrap hukukly şäherler boýunça 25 müň adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi, şeýle hem etraplar boýunça 20 müň adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi kesgitlenilýär. Mundan başga-da, döwlet notarial edarasyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň araçägi boýunça bir hususy notarius hereket edip biler.

Hususy notariuslaryň iş çägi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň çäklerinde kesgitlenilýär.

Mundan başga-da, “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 38-nji we 39-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanda hususy notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketler üçin alynýan tölegleriň möçberi we olary almagyň tertibi tassyklanyldy. 

2022