“Aýbölek” mebel kärhanasy Gazagystana okuw partalaryny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Aýbölek” mebel kärhanasy Gazagystana okuw partalaryny eksport etdi
“Aýbölek” mebel kärhanasynyň hünärmenleriniň okuw partalaryny ýük awtoulagyna ýükleýän pursady

“Aýbölek” mebel kärhanasy 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Gazagystana okuw partalaryny eksport etdi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan" teleradioýaýlymynyň halkara habarlar bölüminiň žurnalisti Çary Çaryýewiň “Biznes Türkmenistan" internet neşirine beren habaryna görä, “Aýbölek” mebel kärhanasy täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Gazagystanyň Astana şäherinde ýerleşýän Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň täze açylýan 400 orunlyk binasy üçin niýetlenen ýokary hilli okuw partalaryny eksport etdi.

Şeýle hem “Aýbölek” mebel kärhanasy 2023-2024-nji okuw ýylynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gowak geňeşliginiň Gowak obasynda açylmagy meýilleşdirilýän 160 orunlyk çagalar bagyny mebel önümleri bilen doly üpjün etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bu kärhanada ýurduň mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepleri we ýokary okuw mekdepleri üçin partalaryň 5000 müňden gowragy taýýar edildi.

Bu kärhana geçen ýylyň güýzünde Gazagystanyň Alma-Ata şäherindäki Gazak milli uniwersitetiniň ýanynda ulanyşa berlen 720 orunlyk döwrebap orta mekdebi okuw partalary bilen üpjün etdi.

“Aýbölek” mebel kärhanasynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň buýurmalary esasynda ýaşaýyş jaýlarynyň öý goşlary, mekdeplerdir çagalar baglary üçin partalar, oturgyçlar, şkaflar, saglygy goraýyş, bilim, harby we hukuk goraýjy düzümler üçin zerur mebel önümleri taýýarlanylýar.

Bu kärhana mundan beýläk-de öndürýän önümlerini iň ýokary hil ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmegi, amatly bahalardan ýokary hilli önümleri öndürmegi, eksporty artdyrmagy, täze iş orunlaryny döretmegi maksat edinýär.

2022