Dünýä türkmenleriniň wekilleri DTYB-nyň “Ynsanperwerligiň sarpasy” nyşany bilen sylaglandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýä türkmenleriniň wekilleri DTYB-nyň “Ynsanperwerligiň sarpasy” nyşany bilen sylaglandy
DTYB-nyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň “Er-Salah” ylmy-dini medresesiniň müdiri, birleşigiň işjeň agzasy Mohammadi Nazarmohammad Adineh Gorbany sylaglaýan pursady, 20-nji sentýabr, Aşgabat

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Mekan” köşgünde çarşenbe güni Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) XXIV maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow guramanyň has tapawutlanan agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini “Ynsanperwerligiň sarpasy” nyşany bilen sylaglady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri, DTYB-nyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen foruma daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we ýurduň dürli künjeklerinden gelen raýatlar gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen gutlag hatyny okady.

“Biz dünýä döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyzy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyrarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda nygtalýar.

Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly wekiller ýurtda üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar, Türkmenistanda amala aşyrylýan we dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem maslahatyň barşynda oňa gatnaşýan daşary ýurtly türkmenleriň çykyşlary diňlenildi.

DTYB-nyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda çagyrmak hakynda Kararlara gol çekdi.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

2022