Ýanwar-awgust: Hytaý $6,63 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-awgust: Hytaý $6,63 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi
CNPC kompaniýasynyň hünärmenleri Hytaýyň Syçuan welaýatynyň Suýnin şäherindäki ýangyç bekedinde tehniki hyzmat işlerini alyp barýarlar (Surat: China Daily)

Hytaý şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda umumy bahasy 6,63 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5 göterim ýokarydyr.

Hytaý şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda umumy bahasy 4,25 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. 

2022