Ýanwar-maý: Hytaý $4,25 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-maý: Hytaý $4,25 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi
Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. (Surat: russian.eurasianet.org)

Hytaý şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda umumy bahasy 4,25 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,5 göterim ýokarydyr.

 Türkmenistan şu ýylyň mart aýynda Hytaýa takmynan 2,9 milliard kub metre deň bolan tebigy gaz eksport etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022