Türkmenistanyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Garagum çöli, Türkmenistan

Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde 2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda geçirilen Bütindünýä mirasynyň komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýerajy” täsin çöl ekoulgamlary Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan tarapyndan bilelikde hödürlenýän “Turanyň sowuk gyş çölleri” transmilli nominasiýasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew öz çykyşynda Bütindünýä mirasynyň komitetiniň agzalaryna karar kabul etmekde goldawlary, şeýle hem bu hödürnamany taýýarlamakda beren ýardamlary üçin halkara we milli hünärmenlere hoşallyk bildirdi.

Türkmen ilçisi "Turanyň sowuk gyş çölleriniň" ekologiki we biologiki prosessleriň yzygider nusgasydygyny, onuň daşky gurşawyň şertleriniň üýtgemeginde dürli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň uýgunlaşmagyny hem-de ýaşamagyny kesgitleýändigini belledi. Bu ýerleriň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi global derejede ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlaryň we ösümlikleriň ähli görnüşlerini has gowy gorap saklamak üçin ýurtlaryň halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge mümkinçilik berer.

Habarda bellenilişi ýaly, gatnaşýan döwletler gözegçilik ulgamyny döretmek we yzygiderli maglumat alyşmak ýaly transmilli gurallar arkaly sanawa goşulan ýerleri dolandyrmak we gorap saklamak boýunça ylalaşdylar.

“Turanyň sowuk gyş çölleri” Bütindünýä mirasynyň sanawyna görkezilen ilkinji sowuk gyş çölleridir. Ol Hazar deňzi bilen Turan ýaýlalarynyň arasynda Merkezi Aziýanyň gurak howaly sebitinde ýerleşýän 14 bölekden ybaratdyr. Bu ýerleriň howasy gaty sowuk gyşlary, yssy we gurak tomuslary bilen tanalýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022