Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berlinde anna güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň Germaniýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Olaf Şols bilen geçirilen duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, işewürlik günortanlyk nahary görnüşinde guralan çärä şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Germaniýanyň Federal Kansleri belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, şeýle derejedäki ilkinji duşuşygyň uzak möhletli geljegi nazara almak bilen hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň bähbitlerine altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly mümkinçilik bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem Olaf Şols Germaniýanyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen ähli ugurlar boýunça strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Olaf Şols şu gezekki duşuşygyň esasy maksadynyň gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan durnukly ösüşine goldaw bermäge we döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen çäreleri anyklaşdyrmakdan ybaratdygyny aýtdy. Şeýle hem umumy meseleleri we her bir ýurduň milli aýratynlyklaryny hem-de talaplaryny nazara almak bilen, maýa goýum işiniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşykda eden çykyşynda energiýa serişdeleri, nebitgaz, himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalygynyň önümlerini we beýleki harytlary eksport etmek babatda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen anyk taslamalary durmuşa geçirmäge ýurduň gyzyklanmalaryny beýan etdi. Germaniýada ýokary tehnologiýaly önümleriň importyna, maýa goýum işine ýardam bermäge, şeýle hem senagat, ylym we hünär bilimi babatda tehnologik we sanly çözgütleri almaga taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şu we beýleki wezipeleri çözmek üçin transkontinental, üstaşyr ulag merkezi hökmünde Merkezi Aziýanyň uly mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygy, şeýle hem TRACECA, Hazar deňzi — Gara deňiz geçelgesi ýaly sebitara taslamalaryň möhümdigi bellenildi.
Ekologiýa we “ýaşyl” geçiş üns çekilen üçünji ugur hökmünde görkezildi. Ählumumy derejede howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň möhümligi bellendi.
Geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň Merkezi Aziýanyň we Germaniýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi nygtaldy. Söwda, üstaşyr ulag, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmek, täze kommunikasiýalary çekmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenilmegi altytaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berjekdigi we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň binýadyny berkitjekdigi aýratyn bellendi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, degişli döwletleriň Liderleriniň sammitiň resmi banneriniň we “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.