BAE-niň ilçisi IT we bilim ulgamyndaky türkmen kompaniýalary bilen duşuşdy

BT
BAE-niň ilçisi IT we bilim ulgamyndaky türkmen kompaniýalary bilen duşuşdy
BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameliniň "Türkmen Tranzit" IT kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 4-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli maglumat tehnologiýalary we bilim ulgamlarynda iş alyp barýan türkmen kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

Hususan-da, Ahmed Al-Hameli “Türkmen Tranzit” IT kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçirlen duşuşykda sanly ulgamda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we bilelikdäki taslamalary ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

Şeýle hem diplomat “Kämil Bilim” okuw merkeziniň direktory bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşigiň çäklerinde bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine we hünärmenleri taýýarlamak meselelerine garaldy.

Taraplar işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge, şeýle hem türkmen düzümleri bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň hyzmatdaşlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022