“Gumdag-Etrek-Eýran serhedi” awtomobil ýoly gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gumdag-Etrek-Eýran serhedi” awtomobil ýoly gurlar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) we Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş (çepde) türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisinde resinamalara gol çekýärler, 18-nji noýabr, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministrligi “Gumdag-Etrek-Eýran serhedi” awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdi.

Bu ugur boýunça awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şenbe güni geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisinde gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşykda iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň hem-de işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, gurluşyk we infrastruktura, gümrük hem-de serhet kadalaşdyrylyşy, senagat, oba we suw hojalygy, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalar ulgamynda gepleşikleri dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem nobatdaky hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça Mary (Türkmenistan) – Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Tawanir” kompaniýasynyň we “Sanergy Pishro Export and Energy Promotion” kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyga, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň on ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

2022