“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Tawanir” kompaniýasynyň we “Sanergy Pishro Export and Energy Promotion” kompaniýasynyň arasynda Mary (Türkmenistan)–Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Çarçuwaly Ylalaşyga şenbe güni Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisinde gol çekildi.
Şeýle hem mejlisde iki ýurduň arasynda gaz ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň hem soňky döwürde barha ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagallalaryň edilýändigi nygtaldy.
“Körpeje-Gurtguýy” gaz geçirijisiniň kuwwatlylygyny doly peýdalanmak arkaly goňşy ýurda eksport edilýän tebigy gazyň möçberleriniň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy hem-de “Çaloýuk” gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen türkmen tebigy gazynyň eýran ugry boýunça iberilýän möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygy mälim edildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda “Gumdag-Etrek-Eýran serhedi” awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň on ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.