Türkmenistanda Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümi tassyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümi tassyklandy
Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri, Lebap welaýaty, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi.

Bu resminama ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýew we welaýat häkimleri alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň wajyp ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

2022