Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Kuraş boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary gazanan medallary bilen, 28-nji noýabr, Aşgabat, Türkmenistan.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty sişenbe güni tamamlandy. Dünýä çempionatynyň jemleri boýunça türkmen türgenleri 15 medal gazandylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýaryşyň iki gününiň netijeleri boýunça türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde 15 medal gazandylar.

Çempionatyň birinji, ikinji günlerinde geçirilen ýaryşlarda ýagny, türkmenistanly türgenler Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa, Wepa Awlýakulyýew, Sabina Kadyrowa we Daýanç Omirow altyn medala, Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Sanjar Abdyrahmanow, Şatlyk Jumanyýazow, Jahan Muhammedowa we Sabina Agajanowa kümüş medala, Gülşat Annaýewa, Ruslan Esgerow, Sapa Sapaýew, Döwlet Hemrakulyýew bolsa bürünç medallara eýe boldular.

Aşgabat şäherinde geçirilen bu ýaryş dünýäniň dört yklymynyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemledi.

Habarda bellenilişi ýaly, Hindistanda geçirilen ozalky dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanypdylar. Şu gezekki ýaryşda bolsa Türkmenistanyň ýygyndy topary 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldy. 

Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasy häzirki wagtda Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 sany milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär.

2022