Wise-premýer: Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ulag hyzmatdaşlygyna möhüm ähmiýet berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Wise-premýer: Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ulag hyzmatdaşlygyna möhüm ähmiýet berýär
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi, 2023-nji ýylyň 18-nji dekabry, Moskwa, Russiýa. (Surat: GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti)

Türkmenistan ulag ulgamynyň ösdürilmegini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow duşenbe güni Moskwada geçirilen GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “Baku TV” teleýaýlymy habar berýär.

Hojamyrat Geldimyradowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagy ugrunda degişli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan täze üstaşyr geçelgelerini döretmek we bilelikde ulag hyzmatlarynyň iri bazaryna çykmak üçin hyzmatdaşlar bilen hereketleri utgaşdyrmak başlangyjyny goldaýar.

Wise-premýer Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly ýaly taslamalaryň GDA döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak we onuň möçberlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow çykyşynyň barşynda 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň GDA agza döwletler bilen daşary söwda dolanyşygynyň 2,6 milliard ABŞ dollaryndan geçendigini hem aýtdy.

2022