Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň nyrhlary ýylyň başyndan bäri ýokarlanandygyna garamazdan, oktýabr aýynda durnuklaşdy. Bahalaryň ozal ýokarlanmagyna Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaýlaryň täsiri sebäpli Hytaýdan Ýewropa alternatiw deňiz ugurlary arkaly konteýner iberilişinde bökdençlikleriň ýüze çykmak ähtimallygy baradaky aladalar hem sebäp bolupdy. Bu barada “Argus” baha beriiş agentligi habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýyň Sian şäherinden Azerbaýjanyň Alýat portuna 40 futluk ýokary göwrümli (40HC) konteýneri daşamagyň bahasy oktýabr aýynda 6750–7200 ABŞ dollaryna deň bolup, bu nyrh sentýabr aýyndaky derejesinde saklandy.
Sian şäherinden Abşeron we Alýat arkaly üstaşyr geçip, Türkiýäniň Ambarly we Mersin portlaryna konteýner daşamagyň nyrhlary hem bir aýyň dowamynda durnukly ýagdaýda bolup, bu ugur boýunça bir konteýneri daşamagyň bahasy 7200–8000 ABŞ dollaryna deň boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, Gazagystan, Azerbaýjan we Gruziýa sentýabr–oktýabr aýlarynda konteýner ýükleriniň serhetlerden geçiş tertibini ýeňilleşdirmek we bu ugurdaky amallary sazlaşdyrmak boýunça ylalaşdylar. Bazar wekilleriniň baha bermegine görä, bu çäreler Transhazar halkara ulag ugrunda ýük daşamalarynyň depgininiň ýokarlanmagyna ýardam edip biler.
Ekspeditorlaryň maglumatlaryna görä, oktýabr aýynyň ahyryna çenli Gazagystanda, Azerbaýjanda we Gruziýada boş konteýnerleriň sany sentýabr aýyndaky 3500–3700 birlikden 3700–4000 birlige çenli artdy. Bazar gatnaşyjylary bu ýagdaýy güýz paslynda ýük daşamalarynyň möwsümleýin artmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

















